Umumadamzat mirasy

12 Ýanwar 2024
583

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi bolsa şahyra uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Üstümizdäki ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär. Munuň özi berkarar türkmen döwletini, agzybirligi arzuw eden söz ussadyna, sözüň gudratyna, edebi mirasymyza halkymyzyň goýýan çäksiz sarpasyndan nyşandyr. Ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has hem belende göterjek bu şanly waka taýýarlyk görmegiň barşynda alnyp barylýan asylly işler halkymyzyň medeni durmuşyny has-da baýlaşdyrýar.

Gülälek NURMUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar