Baýramçylyk saçagynyň bezegi

17 Dekabr 2023
1790

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda bazarlarymyzda we söwda merkezlerinde haryt bolçulygynyň gözümizi dokundyryp, baýramçylyk söwdalarynyň gyzyşýan günlerinde önümçilik kärhanalarynda hem işleriň depgini güýçlenýär. Çünki baýramçylyk saçaklarynyň berekedini artdyrýan nygmatlary taýýarlamakda türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän milli haryt nyşanly önümler giňden peýdalanylýar. Täze ýyl saçagyny bezeýän işdäaçarlary, süýjülikleri taýýarlamak barada pikirlenen wagtyň «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetinde maşgala däplerine esaslanyp öndürilýän maýonezdir üwmeç we dürli görnüşli gaplanan önümler göz öňüňde janlanýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda bolanymyzda, bu ýerde halkymyzyň sarp edýän dürli görnüşli azyk harytlarynyň önümçilik depginini ýokarlandyrmak we olaryň görnüşlerini artdyrmak ugrunda yhlasly zähmetiň gaýnap joşýandygyna şaýat bolduk. 2016-njy ýylda esaslandyrylan hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda maýonez, üwmeç, gaplanan gök önümler, mürepbe, jem, saryýag, ösümlik ýagyndan mesgäniň ornuny tutýan spred ýaly önümleriň dürli görnüşlerini öndürýär. Şol önümler «Nur», «Mylaýym», «Hazyna», «Esmo» ýaly haryt nyşanlary bilen ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde halkymyza hödürlenilýär.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar