«Ýolagçy kitchen» — hakyky amerikan «KFC»

11 Dekabr 2023
1657

Tüweleme, türkmen işewürleriniň döredýän mümkinçilikleridir şertleri, getirýän täzelikleri öwgä mynasyp. Husuýetçiligiň döwletimizde giň goldaw tapmagy, ösüp-örňemegi üçin dürli şertleriň döredilmegi, Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň işewürleriň hususy işleriniň ýola düşmegi üçin durmuşa geçirýän beýik başlangyçlary öz miwesini berýär. Ýurdumyz dünýäde iň gowy brendler bilen bäsleşip biljek dürli täze önümleriň, ýokary hilli hyzmatlaryň döredilýän we has-da ösdürilýän ýerine öwrüldi. Hususyýetçileriň şeýle kärhana-edaralarynda, hojalyk jemgyýetlerinde, restoranlarda, kafelerde ýola goýlan işler, öndürilýän önümler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ösdürýär.

Ine, şeýle adyny eşideniňden türkmendigiňe buýsanjyňy goşalandyrýan ýerleriň biri-de «Ýolagçy Kitchen» restoranydyr. Indi 8 ýyldan bäri ýurdumyzda ildeşlerimize amerikan tiz tagamlarynyň lezzetini duýmaga mümkinçilik döredýän restoranyň zähmetsöýer hem işine yhlasly çemeleşýän ýolbaşçylarydyr agzybir işgärleriniň tagallalary netijesinde amerikan «KFC»-si aýak ýeterimizde. Islendik wagt del tagamy dadyp görmek isleseň, gerekli belgini aýlap bilseň bolýar.

Bägül BERDIÝEWA,
«Biznes reklama».
Beýleki habarlar