Türkmenistan — datly gawunlaryň ata watany

12 Noýabr 2023
1542

Taryhy maglumatlar bireýýäm Türkmenistanyň iň gadymy ekerançylyk medeniýetiniň dörän ojaklarynyň biridigini tassyklady. Hususan-da, ýurdumyz häzirki wagtda dünýäde ak bugdaýyň watany hökmünde bilinýär. Türkmen topragy diňe bir ak bugdaýyň däl, eýsem, datly gawunlaryň hem watanydyr diýsek hakykatdan daş düşmesek gerek. Çünki behişdi nygmat bolan gawun dünýäniň hiç bir ýerinde türkmen topragyndaky ýaly süýji tagamly bolup ýetişmeýär. Türkmenistanda gawunlaryň 460-dan gowrak görnüşiniň bardygy hem bu ekiniň ilkinji tohumynyň biziň topragymyzda şineländigini aýtmaga esas berýär. Türkmenistanyň gawunyň ata watanydygy baradaky garaýşymyzyň ýene bir delili dünýä ýüzündäki ähli gawun görnüşleriniň biziň ýurdumyzda eýýäm meňzeşiniň bardygydyr. Şeýle-de daşary ýurtlardaky tohumlar biziň topragymyza getirilip ýetişdirilende, olaryň bizdäki bar bolan sortlara ähli babatda meňzemegi garaýşymyzyň hakykatdygyna güwä geçýär. Has anyk aýtsak, biz terjibe hökmünde dünýä meşhur gawun görnüşleriniň birnäçesini — «ýubari» (Ýaponiýada ýetişdirilýän görnüş), «kantelop» (ABŞ-da we Ýewropada, Aziýa ýurtlarynda köpçülikleýin ýetişdirilýän görnüş), «pýel de sapo» (Ispaniýada ýetişdirilýän görnüş) we «yellow honeydew» (Braziliýanyň sary gawuny) ýaly tohumlary ýurdumyzda ekip gördük. Alnan netije bolsa, çyndanam haýran galarlykly. Sebäbi şol gawunlaryň ählisi biziň ýurdumyzda ozalky durkuna dolanmak bilen boldy diýip bileris. Giňişleýin düşündirsek, alan netijämiz ýaponlaryň «ýubarisi» gök gürbegiň, dünýä belli «kantelop» zamçanyň, ispanlaryň «pýel de saposy» garrygyzyň, brazilleriň «yellow honeydewi» bolsa gülabynyň nesli ýa-da genetiki üýtgeşmä sezewar bolan bir görnüşi diýen pikire getirdi. Muny Türkmenistanda ekilen mahaly olaryň daşky keşbinde we tagamynda dörän birmeňzeşlik arkaly hem tassyklamak bolar. Ýaponlaryň «ýubarisi» biziň toprak we howa şertlerimizde edil gök gürbek ýaly 23 brikse (süýjüligiň ölçeg birligi) çenli süýjedi. Ynha, şunuň özi-de şol görnüşleriň öz gözbaşyny Türkmenistandan alandygyny aňladýar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen olar toprak we howa şertlerine, söwda hem-de ýol mümkinçiliklerine görä, genetiki üýtgeşmeleri başdan geçiripdirler. Ýagny zamçanyň bir görnüşi bolan kantelopyň tohumçylyk usuly bilen uzak ýola daşamak üçin, paçagynyň galyň bolmagyny gazanypdyrlar. Ispanlaryň «pýel de saposy» garrygyzyň, brazilleriň «yellow honeydewi» bolsa gülabynyň gabarasy has kiçi görnüşleri diýsegem bolar. Has takygy, tohumçylygyň netijesinde Ýewropa we dünýä bazarynyň isleglerine laýyklykda, Ispaniýada we Braziliýada şol gawunlaryň agramy 1 — 3 kilogramdan geçmeýän görnüşleri döredilipdir. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bazarlarynda aglaba uly gawunlara isleg ýokary bolsa, Ýewropada, tersine, kiçi gawunlaryň hyrydarlary has köp bolýar. Munuň özi belli bir derejede milli mentalitet bilen bagly diýip bileris. Ýagny gündogar halklarynda, aýratyn-da, Türkmenistanda maşgalalarda adam sany köp bolýar, şoňa görä-de, bizde uly gawunlara bolan isleg ýokarydyr. Ýewropada bolsa maşgala agzalarynyň sanynyň, köplenç, az bolýandygy üçin hem kiçi gawunlar geçginli hasaplanýar. Galyberse-de, ozaldan Gündogarda we Aziýa ýurtlarynda togalak görnüşli, Ýewropada bolsa süýri görnüşli gawunlaryň has köp ekilendigini hem agzamak gerek. Ýöne ýyllaryň geçmegi bilen ulag-aragatnaşyk ýollarynyň kämilleşmegi netijesinde, bu tapawut häzir o diýen uly däl. Diýjek bolýanymyz, häzirki wagtda islendik yklymda we islendik ýurtda-da gawunyň hem togalak, hem süýri görnüşleri ekilip ýetişdirilýär. Türkmenistanda togalak gawunlaryň görnüşleriniň-de, süýri görnüşleriniň-de asyrlaryň dowamynda ekilip gelinýändigi hem ýurdumyzyň gawunyň watanydygy baradaky pikirimizi ýene bir ýola berkidýär.

Sözümiziň başynda ýurdumyzda gawunyň 460-dan gowrak görnüşi bar diýip belläpdik. Olar hem öz aralarynda irki, aralyk we giçki ýaly toparlara bölünýärler. Irki ýetişýän gawunlaryň hataryna zamça, kyrkgünlük ýaly görnüşleri, aralyk gawunlara waharman, gürbek, injir, akmaral, akşeker, gülaby, guba ýaly tohumlary, giçki gawunlara bolsa garrygyz, garagaş ýaly görnüşleri mysal getirmek bolar.

Döwletgeldi BALLYÝEW,
telekeçi.
Beýleki habarlar