Azyk bolçulygyna uly goşant

4 Noýabr 2023
1523

Gök ekerançylardyr bagbanlaryň asylly zähmeti öz guwandyryjy netijesini-de berýär. Bazarlarymyz dürli miwelerden, gökdür bakja ekin önümlerinden doly. Alyjylar islän ir-iýmişini, bakja ekin önümlerini elýeterli nyrhdan satyn alyp bilýär. Bu babatda türkmen telekeçileri-de yhlaslylyk görkezýärler. Olar diňe bir miweleri, ir-iýmişleri, gökdür bakja ekin önümlerini ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem, olary gaýtadan işlemekde-de ýokary netije görkezýärler.

«Peragat» hojalyk jemgyýeti şerbetleriň, marinada ýatyrylan önümleriň dürli görnüşini halkymyza hödürleýär. Önümler «Nesil» haryt nyşany bilen bellidir. Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynyň kuwwatlylygy ýylda 1 million şertli bankany gaplamaga barabardyr. Marinada ýatyrylan pomidor, şugundyrly kelem, duzly burç, hyýar-pomidor görnüşleri boýunça 480, 720 gramlyk, 1 litrlik şertli bankalara gaplanyp, söwda nokatlaryna ugradylýar.

Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar