Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleri Duşenbede duşuşdylar

17 Sentýabr 2023
281

13-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky maslahatynyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi, oňa Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy.

Oňyn häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynyň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Duşenbe Beýannamasynyň taslamalaryna, şeýle hem ýokary derejedäki sammitleriň jemleýji resminamalarynyň toplumyna seretdiler.

Çeşme: mfa.gov.tm
Beýleki habarlar