Türkmen-rus hyzmatdaşlygy okgunly ösdürilýär

15 Sentýabr 2023
657

11-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdiler.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Şunda biziň ýurdumyz bilen Russiýanyň sebitleriniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

«Nesil».
Beýleki habarlar