Türkmen-rus hyzmatdaşlygy berkidilýär

15 Sentýabr 2023
416

11-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de ýüzbe-ýüz duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň geljekde-de köpugurly strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň beýanydygyny belledi.

«Watan».
Beýleki habarlar