Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi

16 Sentýabr 2023
351

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Biziň umumy tagallalarymyz bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, şeýle hem Ýewraziýa kontinentiniň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleriň döredilýändigini bellemek gerek.

Beýleki habarlar