Merkezi Aziýa: bilelikdäki tagallalar — umumy geljegiň bähbidine

14 Sentýabr 2023
432

Asyrlaryň dowamynda hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamagyň özboluşly nusgasyny kemala getiren Merkezi Aziýa döwletleriniň ykbalyny, sebitiň umumy ösüşini birek-birekden üzňelikde göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu gün sebitiň ýurtlary diňe bir gadyrly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini dowam etdirmek bilen çäklenmän, döwletara gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryp, dünýäniň häzirki meýillerini nazara almak bilen, ony mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýarlar. Şunda özara gyzyklanmalardyr bähbitleriň birligini, baş maksadyň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendigini aýratyn nygtamak gerek. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýaly ýokary derejeli pikir alyşma meýdançasynyň döredilmegi hem açyk we netijeli gepleşikler arkaly hut şu maksada ýetmekde bilelikdäki tagallalara goşmaça itergi bermek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Dünýäde dowam edýän häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda geostrategik taýdan ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan Merkezi Aziýa sebitine gyzyklanmalaryň barha artýandygy has aýdyň duýulýar. Şunda bäş doganlyk döwletiň hem olaryň halklarynyň dostlugyny we hyzmatdaşlygyny yzygiderli pugtalandyrmak, jebisligimizi, hoşniýetli goňşuçylygymyzy, taryhy ykballarymyzyň bölünmezligini gorap saklamak ilkinji nobatdaky möhüm wezipe bolup öňe çykýar. Şoňa görä-de, sebit döwletleriniň Baştutanlary ýygy-ýygydan dürli syýasy meýdançalaryň daşyna jemlenip, umumy öýümiz bolan Merkezi Aziýany parahatçylygyň, durnuklylygyň we gülläp ösüşiň zolagyna öwürmek boýunça bilelikdäki işleriň anyk ugurlaryny kesgitleýärler. Diňe şu ýylyň dowamynda-da biziň ýurtlarymyzyň Liderleri Sianda geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý», Jiddada guralan «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa», Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan — Täjigistan — Özbegistan» görnüşindäki sammitlere gatnaşdylar, birek-biregiňkä resmi we döwlet saparlaryny amala aşyrdylar. Şu günler bolsa dostlukly Täjigistanyň paýtagty Duşenbe sebit ähmiýetli ýokary derejeli duşuşyklaryň ikisini — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyny we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini kabul edýär. Bu çäreler ýokarda agzalan duşuşyklaryň logiki dowamy bolmak bilen, hyzmatdaşlyk meýdançalarynyň çäginde ysnyşykly gatnaşyk edip, sebit we ählumumy derejede oňyn tagallalaryň ilerledilmegine goşant goşmak ýaly asylly maksady öňde goýýar.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar