Halkara giňişlikde

14 Sentýabr 2023
430

Innowasion tehnologiýalar boýunça tejribe alşyldy

Tokioda Ýaponiýanyň Ylym geňeşiniň guramagynda «Durnuklylyk üçin ylym we tehnologiýalar — 2023» ady bilen geçirilen halkara maslahata ýapon Hökümetiniň agzalary, dünýäniň dürli ýurtlaryndan ylym we bilim boýunça hünärmenler, şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapynyň wekili öz çykyşynda ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň döredilendigi hem-de onuň desgalarynyň birinji tapgyrynyň ulanmaga berlendigi barada aýdyp, täze şäherde ýokary tehnologiýalaryňdyr innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýörelgelerine doly laýyk gelýändigini nygtady.

«TÜRKMENISTAN»
Beýleki habarlar