Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň bähbidine netijeli tagallalar

13 Sentýabr 2023
486

Häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmek, olar babatda sebit we ählumumy derejedäki hyzmatdaşlyga işjeň, netijeli gatnaşmak Türkmenistanyň BMG-niň belent münberinden dünýä bileleşiginiň garamagyna yzygiderli hödürleýän teklipleriniň we başlangyçlarynyň esasyny emele getirýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna-da jogapkärçilikli çemeleşip, anyk teklipleriň hem-de garaýyşlaryň uly toplumyny hödürleýär.

Baş Assambleýa BMG-niň esasy alty edarasynyň biridir. Ol her ýyl nobatdaky sessiýasyna sentýabr aýynda ýygnanýar we ýylyň dowamynda hereket edýär. Sessiýanyň başlanmagyna üç aý galanda bolsa onuň ýolbaşçy düzümi saýlanýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda 7 gezek wise-başlyk wezipesini ýerine ýetirmek bilen, dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrdy. Ýurdumyzyň guramanyň nobatdaky 78-nji sessiýasynda öňe sürjek başlangyçlary hem, däp bolşy ýaly, parahatçylygy, howpsuzlygy, ynanyşmagy we durnuklylygy pugtalandyrmagy, Bitaraplyk syýasatyna ähmiýet bermegi, öňüni alyş diplomatiýasy düşünjesiniň ýaýbaňlandyrylmagyny, durnukly ösüşiň bähbidine ulag, energetika, ekologiýa, ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da berkitmegi göz öňünde tutýar.

Begenç MÄTLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar