Döwrebap şäher gurluşygy: dünýäniň baý tejribesine daýanyp...

12 Sentýabr 2023
355

11-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy.

Döwletara gatnaşyklaryň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň gazanylan ýokary derejesiniň hem-de ikitaraplaýyn pugta syýasy erkiň netijeli syýasaty ösdürmekde örän ähmiýetli bolup durýandygy nygtaldy. Oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar saklanýar, ykdysady hyzmatdaşlyk depginli häsiýetini görkezýär, parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirildi. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk arkaly däp bolan gatnaşyklaryň üsti ýetirilýär we baýlaşdyrylýar. Şol sebitleriň arasynda Russiýa Federasiýasynyň baý taryhy hem-de gaýtalanmajak binagärligi bilen tapawutlanýan öňdebaryjy şäherleriniň biri bolan Sankt-Peterburg hem bar.

TDH-nyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar