Netijeli gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

4 Sentýabr 2023
339

1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti Marina Seçina hem-de Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň barşynda myhmanlar täze Arkadag şäheriniň amatly ýaşaýşy, göwnejaý dynç alşy üpjün etmekde, ekologiýa abadançylygyny saklamakda ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýändigini bellediler we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň enjamlaşdyrylyşyna, onda bilim almak, türgenleşik geçmek üçin döredilen şertlere ýokary baha berdiler.

"Nesil".
Beýleki habarlar