Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi

3 Sentýabr 2023
303

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda» çykaran 2142-nji Karary esasynda Pudagara topar döredildi. Bu Pudagara toparyň döredilmeginiň esasy maksady, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de «Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly 2021-2023-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyny» ýerine ýetirmekden ybaratdyr. «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topar hakyndaky Düzgünnamada kesgitlenen kada laýyklykda, Pudagara topar öz işini ulgamy ornaşdyrmaga gatnaşýan degişli edaralar, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen arkalaşykly alyp barýar.

Häzirki wagta çenli Pudagara toparyň ençeme mejlisleri geçirildi. Ýakynda bolsa, toparyň 5-nji mejlisi geçirilip, onuň işine Pudagara toparyň düzümine girýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň we jemgyýetçilik birleşmeleriň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Geldimyrat TÄÇMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärler bölüminiň müdiriniň orunbasary, maýor.
Beýleki habarlar