Hytaýda okuw-önümçilik tejribeligini geçdiler

1 Sentýabr 2023
444

Ýurdumyzda wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, pugtalandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen milli wodorod energetika pudagyny döretmek bilen bagly strategik maksatlaryň hem-de çäreleriň giň toplumyny amala aşyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda milli bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk has-da ösdürilýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti daşary ýurtlaryň abraýly uniwersitetleri, halkara guramalar we kompaniýalar bilen işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 6-njy ýanwarynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama laýyklykda, daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda uniwersitetiň talyplary Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň önümçilik desgalarynda önümçilik tejribeligini geçdiler. Ähtnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň tejribesini öwrenmek maksady bilen, 6 — 27-nji awgust aralygynda talyplarymyz Pekin şäherinde Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçdiler. 3 hepdelik okuw-önümçilik tejribeligi Hytaýyň nebit uniwersitetiniň ýörite taýýarlan meýilnamasy esasynda ýokary guramaçylykly alnyp baryldy. Türkmen talyplary Hytaýyň nebit uniwersiteti, onuň muzeýleri, tejribehanalary, okuw merkezleri bilen tanyşdyryldy. Tejribeligiň dowamynda ýaşlar «CNPC» kompaniýasyna we onuň önümçilik desgalaryna, Hytaýyň geologiýa muzeýine, ylym we tehnika muzeýine, Beýik Hytaý diwaryna baryp gördüler. Şeýle hem, talyplar hytaý diliniň esaslary, hytaý medeniýeti boýunça hem-de «Ýaşyl» energiýa, uglerod zyňyndylaryny azaltmak», «Nebitiň we gazyň geljegi», «Ýüpek ýoly boýunça energetiki hyzmatdaşlygyň geljegi» atly gysga möhletli okuwlara gatnaşdylar. Toparyň ýolbaşçysy Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-usulyýet işleriniň guralyşy, okuw meýilnamalarydyr maksatnamalarynyň düzülişi, ýerine ýetirilişi, ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy hem-de sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Okuw-önümçilik tejribeligi talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini daşary ýurt tejribesi bilen baýlaşdyrmakda has-da ähmiýetli bolar.

Marly BABAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň okuw bölüminiň başlygy, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar