Türkmenistan — BMG: halkara gatnaşyklarda ýaşlar öňdebaryjy orundadyr

31 Awgust 2023
772

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şu ýyl ýurdumyzda ýaş nesle bildirilýän ýokary ynamyň aýdyň güwäsidir.

Ýaşlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda öňdebaryjy orna barha ynamly çykýarlar. Çünki ýaşlar ähli tagallalary, bilimleri we ukyp-başarnyklary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başlanan ägirt uly özgertmeleri dowam etdirmelidirler, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmelidirler, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň dünýädäki abraýynyň has-da artdyrylmagyna, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalary durmuşa geçirmelidirler. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek barada beýan eden başlangyjy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şonda Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşuly nesliň aň-paýhasy, baý tejribesi bilen ýaşlaryň gujur-gaýratynyň utgaşan ýerinde ýetilmejek maksat, gazanylmajak sepgit ýokdur! Türkmenistanlylar bu pikiri biragyzdan makulladylar we goldadylar. Onda halypalygyň asylly däpleri, döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygy hem-de nesilleriň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapdy.

(TDH)
Beýleki habarlar