Türkmenistan hem-de BMG ulag ulgamynda gatnaşyklary täze derejä çykarýar

28 Awgust 2023
287

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan netijeli daşary syýasaty we abadançylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary we anyk işleri netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýy barha belende galýar hem-de pugtalanýar. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, Türkmenistany senagat taýdan ösen ýurda öwürmäge, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmaga gönükdirilen milli maksatnamalaryň we düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen häzirki wagtda halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen uly üstünlikler gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylky mejlisleriniň işine işjeň gatnaşýandygy aýratyn bellärliklidir. Durnukly ulag meseleleri boýunça Kararnamalaryň başlangyçlaryny BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna yzygiderli hödürlemek tejribesini dowam etdirmek bilen, ýurdumyz öňde boljak 78-nji sessiýada «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşiniň arasynda arabaglanyşygy berkitmek» atly Kararnamanyň taslamasyny taýýarlamak teklibi bilen çykyş eder.

Ýurdumyzyň BMG bilen ulag we kommunikasiýalar ýaly geljegi uly ugurlarda başlangyçly hyzmatdaşlyk etmegi dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Köp şahaly, şol bir wagtyň özünde howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmegi ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hem-de dünýä ösüşiniň wajyp ugry bolup durýar. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn uzak möhletleýin ugry hökmünde bu meseläni ara alyp maslahatlaşmagyň ähmiýetini artdyrýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalaryň kabul edilendigini bellemek möhümdir.

Beýleki habarlar