Geljegi uly gatnaşyklar

31 Awgust 2023
350

24-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy.

Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp, mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabatda ýene-de bolup görýändigine şatdygyny belledi we türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbini özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi. Riýad al-Maliki türkmen halkynyň Milli Liderine Prezident Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny gowşuryp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Türkmenistan şöhratly taryha eýedigi we özüniň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem-de döredijilikli başlangyçlary bilen halkara abraýyny has-da belende galdyrdy.

«Arkadag»
Beýleki habarlar