Abraýyň-owazaň daglar aşmasy...

30 Awgust 2023
466

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen geçýän şanly ýylymyzyň uly ösüşlere beslenýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi buýsançly başymyzy göge ýetirdi.

Bilşimiz ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň döredilmeginiň esasy iki maksady bar. Olar ÝUNESKO-nyň taslamalaryny we maksatnamalaryny işläp düzmekde, durmuşa geçirmekde ýaşlaryň manyly gatnaşmagyny höweslendirmekden we artdyrmakdan, şeýle hem ýaşlaryň başarnyklary bilen baglanyşykly taslamalary we maksatnamalary öz içine alyjy giňişlikde bilelikde öwrenmekden, işlemekden we durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar