Urumçide geçirilen Ýewraziýa EKSPO-synda umumy bahasy 68 milliard amerikan dollaryndan gowrak ylalaşyklar gazanyldy

27 Awgust 2023
376

Söwda gadym zamanlardan bäri halklaryň we döwletleriň arasynda arabaglanyşygy güýçlendirmekde möhüm orun eýeläpdir. Munuň şeýledigine Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda orta asyrlardan bäri ykdysady taýdan belli bir derejede integrirlenen, medeni tarapdan birek-birege ýakynlaşan döwletleriň halkasynyň emele gelmegi arkaly göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiziň başlangyçlary bilen Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça halkara derejede tagallalar alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bu örän ähmiýetli başlangyjynyň dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygy bolsa diýseň guwandyryjydyr. 16 — 21-nji awgust aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň paýtagty Urumçi şäherinde geçirilen «Ýüpek ýolunyň ruhuny wagyz etmek arkaly Ýewraziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak» atly halkara forum hem sözümize aýdyň mysaldyr. Ýewraziýa EKSPO-sy diýlip atlandyrylýan bu forum şu gezek has netijeli häsiýeti bilen tapawutlandy. Bu ýyl «Hytaý — Ýewraziýa: harytlar we söwda» şygary astynda geçirilip, özünde dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden kompaniýalaryň 1300-den gowragyny jemledi. Şolaryň hatarynda foruma 500 töweregi dünýäniň iň abraýly söwda kompaniýalarynyň gatnaşandygyny hem bellemek gerek.

Hytaý metbugatynda habar berlişine görä, şu gezekki Ýewraziýa EKSPO-synyň çäklerinde sebitleriň we döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen 33 forum we tegelek stol geçirildi. Olaryň örän netijeli bolandygyny forumda ägirt uly şertnamalaryň hasaba alnandygy bilen delillendirmek bolar. Şu ýyl forumyň çäklerinde umumy bahasy 68 milliard amerikan dollaryndan gowrak söwda we maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek baradaky ylalaşyklar gazanyldy. Munuň özi 2021-nji ýylda geçirilen şeýle foruma garanyňda, 1,5 ýarym esse ýokarydyr. Ylalaşyklaryň arasynda täze energiýa çeşmeleri, ekologik taýdan arassa gurluşyk we senagat harytlaryny öndürmek, söwda, ulag-logistika hem-de medeni syýahatçylyk ýaly ugurlary öz içine alýan iri halkara taslamalaryň birnäçesi bar.

Mätgurban Mätgurbanow,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar