Hyzmatdaşlyk — ösüşiň nusgasy

25 Awgust 2023
446

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, daşary syýasatyny hyzmatdaşlygyň netijeli usullary arkaly ösdürýär. Döwletiň bu ugurdaky Konsepsiýasy dünýä giňişliginde eziz Watanymyzyň ornuny has-da berkidip, abraýyny barha ýokarlandyrýar. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri, halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarýar.

Garaşsyz Watanymyzda ýokary netijeleri gazanmak ugrunda işjeň maýa goýum syýasatynyň alnyp barylmagynyň, şol sanda ykdysadyýetiň durnuklylygy, onuň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply bolmagy üçin daşary ýurt maýalarynyň giňden çekilmeginiň ähmiýeti bimöçberdir.

Rahimbaý KURAMBAÝEW,
TDP-niň Akdepe etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar