Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Palestina Döwletiniň daşary işler ministri bilen duşuşdy

25 Awgust 2023
787

Aşgabat, 24-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy.

Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabatda ýene-de bolup görýändigine şatdygyny belledi we türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbini özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi. Riýad al-Maliki türkmen halkynyň Milli Liderine Prezident Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny gowşuryp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Türkmenistan şöhratly taryha eýedigi we özüniň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem-de döredijilikli başlangyçlary bilen halkara abraýyny has-da belende galdyrdy.

Beýleki habarlar