Türkmenistan — Ýunesko: oňyn hyzmatdaşlygyň nusgalyk ýoly

22 Awgust 2023
433

Medeniýet, milli miras halkyň ruhy hazynasyna öwrülip, nesilden-nesle geçýär, her bir nesil tarapyndan täze gymmatlyklar bilen baýlaşýar. Häzirki döwürde türkmen medeniýeti beýik galkynyşy başdan geçirýär, medeni gymmatlyklarymyz dünýä halklaryna giňden tanyşdyrylýar, umumadamzat gymmatlyklarynyň sanawynda mynasyp orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Watanymyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde medeni diplomatiýany ýaýbaňlandyrmaga uly üns berilýär. Bu ugurda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň netijeli miweleri şu eziz Watanyň perzendi hökmünde her birimizi guwandyrýar. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany ratifisirlemek arkaly ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy.

Şu ýylyň 17-nji awgustynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň bu halkara düzüme agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly dabaraly maslahatda özara hyzmatdaşlygyň netijelerine syn berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly Prezidentimize hem-de halkymyza iberen Gutlagynda hem bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilendigi bellenilýär.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar