Ýaponiýada Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy

21 Awgust 2023
259

18-nji awgustda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramowyň türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň Kätipliginiň başlygy Ş.Matsuşita bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar özara hyzmatdaşlyk meseleleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow jenap Ş.Matsuşitany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitaby bilen tanyşdyrdy.

Çeşme: mfa.gov.tm
Beýleki habarlar