Türkmenistan — ÝUNESKO: ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmagyň ýolunda

19 Awgust 2023
501

Häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara guramalar, aýratyn hem, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürilýär. Bu abraýly halkara guramanyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynda esasy hyzmatdaşlaryň biridir. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany ratifisirlemek arkaly bu abraýly guramanyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy. ÝUNESKO-nyň XXI asyryň çylşyrymly we dartgynly meselelerini medeni diplomatiýa arkaly çözmek, bütin Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi ynsanperwer ýörelgeler arkaly üpjün etmek ugrundaky tagallalary Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasatynyň baş maksadyna doly gabat gelýär.

ÝUNESKO her bir döwletiň, milletiň taryhyny, medeni gymmatlyklaryny, tebigatyny goramak, olary ösüp gelýän ýaş nesillere aýawly ýetirmek, her bir halkyň milli gymmatlyklaryny umumadamzat mirasyna öwürmek babatda netijeli iş alyp barýan ýeke-täk halkara guramadyr. Ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň şanly 30 ýyllyk senesiniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna gabat gelmegi örän guwandyryjydyr. Çünki ÝUNESKO geosyýasy şertleriň ýitileşen döwründe ilkinji bolup ýaşlar syýasatyny öňe süren gurama bolup durýar. Bu abraýly gurama ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri dünýädäki müňlerçe ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky başlangyçlary goldap, Bütindünýä ýaşlar toruny döretmek we kämilleşdirmek, olaryň mümkinçiliklerini güýçlendirmek, bilim önümçiligini ösdürmek, döwlet işlerine çekmek boýunça hem yzygiderli işleri alyp barýar.

Aýna BAÝMURADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar