Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: halkara hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär

18 Awgust 2023
609

14-nji awgustda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda dünýäniň strategik sebitleriniň biri bolup durýan Merkezi Aziýanyň häzirki günde depginli ösüşi görkezýändigi bellenildi. Sebitiň ýurtlary ählumumy parahatçylygyň we Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyrlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy arkaly döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan soňky ýyllarda öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça netijeli işleriň alnyp barlandygy, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi we anyk maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigi nygtaldy.

"Nesil".
Beýleki habarlar