Türkmenistan — ÝUNESKO: 30 ýyllyk hyzmatdaşlyk, oňyn tejribeler

18 Awgust 2023
354

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl doldy. 17-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly dabaraly maslahat hem hut şu şanly senä bagyşlandy.

Forum Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar