TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: dostlukly hyzmatdaşlyga 30 ýyl

18 Awgust 2023
471

Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilip, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň alyp barýan hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan bu guramanyň agzalygyna 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda kabul edildi. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Medeniýet, Maliýe we ykdysadyýet, Dokma senagaty, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky, Suw hojalygy baradaky, Statistika baradaky, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetleriniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, Hazar deňzi institutynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Onda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň taryhyna, toplanan baý tejribä, gazanylan üstünliklere syn berildi we gatnaşyklaryň geljeginiň möhüm ugurlary kesgitlendi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, halkymyzyň kalbyndan dörän maddy däl gymmatlyklarymyz bu günki gün dünýä ýüzüni haýrana goýýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna biziň döwletimiz boýunça Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, Köneürgenç şäheri, Köne we Täze Nusaý galalary goşuldy.

Gülälek ÇOPANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar