TÜRKMENISTAN — TÄJIGISTAN — ÖZBEGISTAN: Sebitiň we dünýäniň durnukly ösüşiniň bähbidine hyzmatdaşlyk

17 Awgust 2023
411

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, sebitiň ýurtlary, dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk däplerine esaslanýar. Muňa Türkmenistanyň goňşy döwletler bolan Täjigistan Respublikasy we Özbegistan bilen hyzmatdaşlygynyň giň gerimi we täze derejelere çykarylmagy hem şaýatlyk edýär. Bu ýurtlary, türkmen, täjik, özbek halklaryny, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen birlikde, taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Häzirki wagtda goňşy döwletleriň üçüsi hem sebit işleriniň oňyn ösdürilmegine, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, sebitde ygtybarly parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň berkarar edilmegine ýardam berip, ählumumy ösüşe we abadançylyga uly goşant goşýar.

Bu üç döwletiň Baştutanlary Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň, forumlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy, özara goldawy pugtalandyrýarlar. Dünýäde durnukly ösüşi, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryny hem-de Tertipnamasynyň kadalaryny berjaý etmek esasynda ählumumy we sebit meselelerini çözmekde bu guramanyň ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini tassyklaýarlar. Merkezi Aziýada howpsuzlygyň üpjün edilmegi babatynda 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk saklaýarlar. Bular barada Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 4-nji awgustynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammitinde bolan gepleşiklerde we edilen çykyşlarda hem giňden bellenildi.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar