Hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp

10 Awgust 2023
437

4-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmanlary myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistana gelmek baradaky çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we şu saparyň dowamynda ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky üçtaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Beýleki habarlar