Gojaman Hazar — tebigatyň bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp sowgady

8 Awgust 2023
371

Taryhda 70-den gowrak ady göteren Hazar deňzine türkmenlerde «gojaman Hazar» diýilmegi ýöne ýerden däl. Ençeme müňýyllyklardan bäri bu deňzi ata-babalarymyz dürli hili atlandyrypdyrlar. Ýazuw çeşmelerinde onuň Girkan, Gürgen, Kaspi, Hwalis, Oguz, Tetis, Astrahan, Mazenderan, Tabarystan ýaly birnäçe atlar bilen atlandyrylandygy barada maglumatlar berilýär. Ol bu deňziň kenarlarynda ýaşan taýpalaryň we halkyýetleriň atlary boýunça ýa-da olaryň eýelän ýerleri boýunça atlandyrylypdyr. Biziň häzirki döwrümizde onuň has giňişleýin ýaýran iki sany adynyň biri «Kaspi» bolup, ol 1 müň ýyl ozal günortada ýaşan kaspi taýpalaryndan gelip çykýar. Beýlekisi – «Hazar» bolsa VII asyrda Kaspiniň we Kawkazyň ýanynda, häzirki wagtdaky günorta Russiýanyň çäklerinde mesgen tutan türki dilli halk bolan hazardan gelip çykýar.

Hazar deňzi Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän, dünýäde iň uly deňiz derejeli köldür. Onuň häzirki hanasy soňky on million ýyllygyň dowamynda emele gelipdir. Ol bir wagtlar, takmynan, 70 million ýyl mundan ozal dünýä ummany bolan Sarmat deňzi eken. Wagtyň geçmegi bilen Sarmat deňzi ikä bölünýär. Olaryň birisi Gara deňiz bolup, Ýer şarynyň Günbataryna süýşýär, beýlekisi Hazar bolup, biziň häzirki ýaşaýan çägimize ornaşýar. Häzirki wagtda Hazar — dünýäde iň uly ýapyk içki suw howdanydyr. Oňa Ural, Kura, Gorgan, Terek, Etrek ýaly 130-a golaý derýalar öz suwlaryny goşýarlar. Deňziň suwy şordur. Bu deňze guýýan iň uly derýa Wolgadyr. Onuň guýýan ýerinde suwuň şorlugy 0,05 göterime, günorta — gündogarda bolsa 11 — 13 göterime deňdir. Deňziň uzynlygy 1 müň 200 kilometr, ini 204-den 466 kilometre çenlidir. Ortaça çuňlugy 180 metr, iň çuň ýeri bolsa 1 müň 25 metre ýetýär.

Maýagül ÇARYÝAROWA,
Türkmenbaşy şäher Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory.
Beýleki habarlar