Bilelikdäki ösüşiň geljegi

7 Awgust 2023
392

Şawkat ALIMBEKOW,
Merkezi Aziýa halkara institutynyň uly ylmy işgäri:

— 4-nji awgustda Aşgabat şäherinde Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Liderleriniň sammiti geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda, senagat, energetika, oba we suw hojalygy ýaly ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary işjeň giňeltmek barada ylalaşdylar. Şunda ulag ulgamyny ösdürmäge, hususan-da, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmäge, sanly ulgamy ornaşdyrmaga, konteýner daşamalarynyň möçberini we geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýükleri daşamak hem-de saklamak üçin bilelikdäki terminallary döretmäge aýratyn üns berildi.

Beýleki habarlar