Taryhy waka media giňişliginde

7 Awgust 2023
387

central-asia.news habar-seljerme portaly Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň berýän maglumatlaryna salgylanyp, Aşgabat sammitinde syýasy, söwda-ykdysady, energetika, suw-ekologiýa, ulag we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berýär. Saýtda täjik Lideriniň: «Täjigistan öz gidroenergetiki serişdelerini nazara alyp, «ýaşyl» energetikanyň önümçiligini ösdürmegi göz öňünde tutýar we bu ugurda sebitiň döwletleri bilen geljekde-de işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr» diýen sözleri getirilýär.

Özbegistanyň Prezidentiniň resmi internet saýty «Türkmenistan — Täjigistan — Özbegistan» formatynda ilkinji gezek geçirilen üçtaraplaýyn sammit bilen bagly habardyr maglumatlary yzygiderli köpçülige ýetirdi. Habarlaryň birinde duşuşykda sebitiň ýurtlarynyň açyk, agzybir we jebis syýasatynyň anyk netijeleri gazanmaga ýardam berendiginiň nygtalandygyna üns çekilýär. Şunda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň netijeli häsiýeti hem bellenildi. Özbek Lideri energetika pudagynda, şol sanda energiýa serişdelerini ibermek we üstaşyr geçirmek boýunça hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny aýratyn nygtady.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar