Hazar — hoşniýetli goňşuçylygyň özboluşly sebiti

7 Awgust 2023
357

Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýanyň — Tähran Konwensiýasynyň güýje giren gününde Hazarýaka döwletlerinde — Türkmenistanda, Russiýada, Gazagystanda, Eýranda we Azerbaýjanda Hazar deňziniň güni bellenilýär. Bu güne bagyşlanyp, tutuş Hazar sebitinde, şol sanda ýurdumyzda, 28-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berlişi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi» atly maslahat we dabaraly çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler.

Gojaman Hazaryň kenarlarynda ýaşan halklar taryhyň ähli döwürlerinde adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşup gelipdirler. Bu gün dost-doganlygyň we hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde şöhratlanýan Hazaryň jümmüşinde jemlenen tebigy baýlyklaryň ummasyz gorlary kenarýaka döwletlere uly ykdysady mümkinçilikleri hödürleýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan beýleki Hazarýaka döwletleri bilen bilelikde sebit we bütindünýä ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar.

Şuhrat REÝIMOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Lebap welaýat müdirliginiň Çärjew etrabynyň müdiri, uly döwlet bellige alyjysy.
Beýleki habarlar