Ýokary ösüş we netijeli hyzmatdaşlyk

6 Awgust 2023
306

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň barha döwrebap kämilleşýändiginden hem görmek bolýar. Şol üstünliklere mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Söwda toplumynyň düzümindäki Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy ýurdumyzda lomaý söwdany ösdürmek baradaky wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, şeýle hem daşary ýurt döwletleri bilen daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmekde uly işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe döredilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň esaslandyrylanyna 1-nji awgustda 29 ýyl boldy. Ol lomaý haryt bazaryny emele getirmek üçin ygtybarly şertleri dörediji gurama bolup hyzmat edýär.

Birža işini mundan beýläk-de ösdürmek we has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda öndürilýän önümleri mahabatlandyrmak, olaryň içerki we daşarky alyjylaryny, durnukly bazarlaryny tapmak, esasan-da, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna we tejribesine daýanýar. Toplumda şeýle gatnaşyklary ösdürmek üçin hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady meseleler boýunça maslahatlaryň, bilermenleriň duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi aýratyn nygtamaga mynasypdyr. Bu işleriň amala aşyrylmagy lomaý söwdany ösdürmekde oňyn netijeleri berýär. Şeýle hem biržanyň esasy maksady Türkmenistanyň haryt-çig mal serişdelerini ýerlemegiň netijeli syýasatyny ýöretmekden, birža söwdasyny guramakdan we alyp barmakdan, ýerlenilýän harytlar boýunça nyrhlaryň emele gelmekliginiň netijeli usullaryny ornaşdyrmakdan we baglaşylýan eksport, import şertnamalarynyň bahalarynyň maksadalaýyklygyna gözegçilik etmekden ybaratdyr.

«Biznes reklama».
Beýleki habarlar