Türkmenistan bilen Özbegistanyň dost-doganlyk gatnaşyklary ilerleýär

4 Awgust 2023
746

Halkymyzyň arasynda «Ýer alma, goňşy al» diýen dana pähim bar. Bir howadan dem alyp, bir derýanyň suwundan içýän goňşy döwletimiz Özbegistan bilen Türkmenistanyň dost-doganlyk gatnaşyklary hem öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Biziň halklarymyzyň taryhynda, medeniýetinde, dilinde, däp-dessurynda meňzeşlik bar. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary uly üstünliklere beslenýär. Bu iki doganlyk döwletleriň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk edilip, ýokary netijeler gazanyldy.

Hoşniýetli gatnaşyklaryň netijesinde Aşgabat bilen Daşkent doganlaşan şäherlerdir. Aşgabatda «Daşkent» dynç alyş seýilgähi, Daşkentde «Aşgabat» dynç alyş seýilgähi açyldy. Türkmenistanyň Medeniýet günleri Özbegistanda, Özbegistanyň Medeniýet günleri Türkmenistanda yzygiderli geçirilip, türkmen-özbek dostlugy has-da berkeýär. 2018-nji ýylda bolsa Horezm welaýatynyň Ürgenç şäherinde Türkmen-özbek dostluk öýi açyldy.

«Güneş».
Beýleki habarlar