Akyldar şahyryň döredijiligi — köňülleriň ylham çeşmesi

4 Awgust 2023
390

Munuň şeýledigini Magtymguly Pyragynyň 270 şygry ýerleşdirilip, «Tubo nashr» neşirýaty tarapyndan çap edilen, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň akyldar şahyr barada aýdan jümleleri bilen açylýan täze neşirdenem görmek bolýar. Şahyryň bu saýlanan eserlerini Özbegistanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýanyndaky Halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komiteti, Özbegistandaky Türkmen medeniýet merkezi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilelikde çapa taýýarlady.

Özbek we türkmen halklary bir derýanyň suwuny içip, asyrlaryň dowamynda medeniýetini, däbini we dilini baýlaşdyryp, agzybirlikde, dostlukda ýaşap gelýärler. Iki ýurduň hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga hem-de strategik hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde aýratyn üns berýändigini belläsim gelýär. Daşkent şäherinde Magtymguly köçesiniň we şahyryň ýadygärliginiň açylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Öz gezeginde, Türkmenistanyň paýtagtynyň esasy köçeleriniň biri Alyşir Nowaýynyň adyny göterýär. Bagşy-sazandalar «Nowaýy» sazyny belentden ýaňlandyrsa, dil, edebiýat ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerinde şahyryň ömri we döredijiligi giňden öwrenilýär. Bularyň ählisi türki edebiýatyň beýik akyldarlary Alyşir Nowaýynyň we Magtymguly Pyragynyň döredijiligine goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Iki milletiň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekde iki ussadyň goşandy uludyr.

Güldäne AWEZDURDYÝEWA,
Özbegistan Respublikasyndaky Türkmen medeniýet merkeziniň başlygy.
Beýleki habarlar