Döwrebap mekdep gurulýar

4 Awgust 2023
436

Birnäçe ýyl mundan ozal Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda Täjigistanyň Dusti etrabynda Magtymgulynyň adyny göterýän orta mekdebi gurmak barada ylalaşyk gazanyldy. Geçen ýylyň 9-njy dekabrynda bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň binalar toplumyny gurmak hakynda Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 10-11-nji maýynda Täjigistana amala aşyran ilkinji döwlet saparyna gabatlanyp, bu ýerde Magtymguly adyndaky orta mekdebiň binasynyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň geçirilmegi we oňa ýurdumyzyň ylym-bilim, medeniýet, jemgyýetçilik wekilleriniň hem gatnaşmaklary iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkeýändiginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Emomali Rahmonyň göni aragatnaşyk arkaly gatnaşyp, gurluşyga ak pata bermekleri bolsa dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar