Taryhyň nurly sahypalary

3 Awgust 2023
385

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 10-11-nji maýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Şol gezek syýasy, söwda-ykdysady, ulag, ekologiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirýän döwrebap infrastrukturany döretmek meselesine aýratyn ähmiýet berildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň 24-sine gol çekilmegi hem saparyň taryhy ähmiýetine şaýatlyk edýär.

Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň köki asyrlaryň jümmüşine siňip gidýär. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan we Täjigistan dostluk, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan syýasaty, gadymdan gelýän ýakynlygy hemmetaraplaýyn ösdürýärler.

«Adalat».
Beýleki habarlar