Dost ýagşysy gatnaşykly goňşudyr

3 Awgust 2023
333

Türkmen-özbek dostlugynyň gözbaşy asyrlaryň çuňlugyndan başlanyp, nesilleriň bagtyýar geljegine gönükdirilendir. Garaşsyzlyk ýyllarynda iki goňşy ýurduň arasyndaky täzeçe öwüşginlere beslenen gatnaşyklardyr hyzmatdaşlyklar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Şeýle-de Merkezi Aziýa sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyryldy.

2021-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda serhetýaka Türkmen-özbek söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

«Adalat».
Beýleki habarlar