Hoşniýetli goňşuçylyk hem ylalaşyklylyk

3 Awgust 2023
756

türkmen-täjik-özbek gatnaşyklarynyň binýadydyr

Gadymy grek akyldary Sokrat: «Dostluk bolmazdan, adamlaryň arasyndaky hiç bir gatnaşygyň gymmaty ýokdur» diýip nygtapdyr. Munuň sebäbi «dostluk» diýen gysga sözde adamlaryň iň oňat ahlak häsiýetleriniň, umumy gyzyklanmalarynyň, özara hormatyň hem ruhy gymmatlyklaryň iň gowy däpleriniň jemlenýänligindedir, megerem. Sebäbi diňe ruhy taýdan ýakyn, birek-birege ynanýan we düşünişip bilýän ynsanlar hakyky dostluk gatnaşyklaryny gurmagy başarýarlar. Şeýle bolýan bolsa, dostlukly gatnaşyklaryň döwletlerdir halklaryň arasynda ýola goýulmagynyň hem ilerledilmeginiň näderejede ähmiýetlidigini göz öňüne getirip görüň! Adaty durmuşda dostlaryň başy jem bolanda, ýürekdeş gürrüňdeşlikleriň başlanyşy ýaly, döwletleriň Liderleri duşuşanda-da millionlarça ýüregi ýakynlaşdyrýan, dost-doganlyk, ylalaşyklylyk ýörelgeleriniň binýadyny has-da pugtalandyrýan belent maksatlara ýol açylýar. Biz bu hakykata mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny asyrlarboýy dowam etdirip gelýän Merkezi Aziýanyň üç ýurdunyň — Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň öňde boljak duşuşygynyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetireris.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar