Ýaşasyn türkmen ynsanperwerligi!

3 Awgust 2023
548

Wiktor MAÝKO,
Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi:

— 19-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Ukrainadan hoşallyk hatlary gelip gowuşdy. Maňa-da Ukrainanyň hassahanalarynyň, etrap-şäher merkezleriniň ýolbaşçylarynyň türkmen tarapyna iberen hoşallyk hatlaryny gowşurmak bagty miýesser etdi. Hatlarda Ukraina döwletine türkmen tarapyndan iberilen derman we lukmançylyk serişdeleri, dokma we azyk önümleri üçin hoşallyk bildirilýär. Bu ynsanperwer kömekler türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary bilen iberildi. Ynsanperwer kömek hökmünde iberilen ýokary hilli önümleriň ählisi ukrain çagalaryna gowşuryldy. Dostlukly döwletden gelip gowşan ynsanperwer kömegine hoşallyk, minnetdarlyk duýgusy çagalaryň kalbynda uzak ýyllaryň dowamynda ýaşar. Hemaýat edilen çagalar Türkmenistanda özleri hakynda alada edýän, begendirmek üçin ýakymly sowgatlary iberen dostlarynyň bardygyny hemişe ýatlap gezerler.

Beýleki habarlar