Heňňamlara uzaýan hoşniýetli hyzmatdaşlyk

2 Awgust 2023
458

Türkmenlerde: «Dostuň geldi — baýram boldy» diýen nakylyň ähmiýeti hakynda söz açsaň, dostluk babatdaky düşünjelerimiziň gerimi giňär oturar. Mahlasy, ýurdumyzyň Merkezi Aziýa, şeýle-de sebitara gatnaşyklarynyň oňyn netijeleri barada kelam agyz söhbet ederis. Garasaý, biz goňşy Özbegistan Respublikasy, şeýle-de Täjigistan Respublikasy bilen ýurdumyzyň arasyndaky syýasy-ykdysady, söwda, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýetiniň diňe bir üç ýurduň däl, eýsem, dünýä ýüzündäki özgertmeleriň esasy özenini düzýändigini nygtamak gerek. Bu ýurtlaryň dostanalygynyň möhleti taryhyň jümmüşinden syzylyp gaýdýar. Şeýde-şeýde ol gatnaşyklar bu günki gün oňyn netijeleri bilen gören-eşideni haýran galdyrýar.

Goňşa gol berip

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Esger».
Beýleki habarlar