Döwletara gatnaşyklaryň ösüşi

2 Awgust 2023
596

Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmen-özbek serhedinde söwda merkezini gurmak hakyndaky degişli Karara gol çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň sebit, halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni hyzmatdaşlyklary ösdürmäge çalyşýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy. Türkmen-özbek dost-doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň taryhy ösüşinde, medeniýetlerinde, däp-dessurlarynda hem umumy meňzeşlikler köpdür. Iki döwletiň söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa geçelgeleriniň möhüm çatrygynda ýerleşmegi «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça geljegi has uly taslamalary ösdürmek boýunça utgaşykly gatnaşyk etmegine mümkinçilik berýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 21-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň çäginde teleköpri arkaly Türkmen-özbek serhetýaka zolagynyň — Söwda merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Söwda merkezi 2025-nji ýylyň iýulynda ulanylmaga berler. Şeýlelikde, bu söwda merkezi iki doganlyk ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna hem-de işewürlik gatnaşyklarynyň giňeldilmegine getirer.

Çemen REJEPOWA,
TDMG-niň welaýat boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar