Ekologiýa abadançylygy — geljegiň rowaçlygy

2 Awgust 2023
1246

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýöredýän paýhasly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri-de daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak, halkymyzyň ýaşaýşy, ynsan saglygy üçin peýdaly tebigy şertleri döretmek bilen baglanyşyklydyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny işjeň dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde düýpli öňegidişlikler gazanylýar.

Şeýle giň gerimli ekologiýa syýasatynyň alnyp barylmagy döwletimiziň hem-de dünýäniň möhüm ekologiýa meselelerini çözmegiň, ýagny howanyň arassalygyny üpjün etmegiň, şäherleri gurşap alýan gök guşaklary has-da ýaýbaňlandyrmagyň, ýer, suw serişdeleriniň berk goragyny üpjün etmegiň, tebigatymyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini saklap galmagyň we olary baýlaşdyrmagyň esasydyr. Bu diňe bir şu güni ýa-da ertiri däl, eýsem uzak geljegi nazara alýan dürli kanunlar, kadalaşdyryjy resminamalar bilen soňky ýyllarda has-da berkidilen kanunçylyk binýadyna daýanýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleri hakynda» we beýleki Kanunlary bar.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar