Halkara hyzmatdaşlygy pugtalanýar

1 Awgust 2023
439

Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmegiň netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösýär we pugtalanýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky başlangyçlary, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumadamzat ösüşine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda alyp barýan işleri dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar.

Halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan ýörelgeleriň baş maksady ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekden, durnukly ösüşi üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar