Rowaçlygyň röwşen ýoly

1 Awgust 2023
353

Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasy we onuň ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlyk barha işjeňleşýär. Baky Bitarap Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň başlygynyň orunbasarlygyna, şeýle-de bu guramanyň abraýly edaralarynyň düzümine ençeme gezek saýlanmagy, ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Geçen hepdäniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary hakda aýdylmagy ildeşlerimizde buýsanç duýgusyny döretdi. Şu ýylyň 12-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde ýurdumyz tarapyndan beýan ediljek başlangyçlaryň hatarynda Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmek, 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, ÝUNESKO we TÜRKSOÝ bilen bilelikde Türki dilleriniň halkara hepdeligini geçirmek baradaky teklipleriň, şunuň bilen birlikde «Bütindünýä türki dilleriniň güni» atly Kararnamany kabul etmek boýunça teklibiň hem bardygyny guwanç bilen bellemelidiris.

Tawus ÇYNAROWA,
Kaka etrap kazyýetiniň kanselýariýa müdiri.
Beýleki habarlar