Dostlukly gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

1 Awgust 2023
449

Şu ýylyň 30-njy iýuly — 1-nji awgusty aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň agzasy, partiýanyň Sinhaý welaýat komitetiniň sekretary jenap Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Saparyň barşynda dostlukly döwletiň wekiliýet agzalarynyň ýurdumyzyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary boldy.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygynda döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda syýasy partiýalaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gepleşikleriň barşynda iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbitlerine gönükdirilen dostlukly gatnaşyklary berkitmekde taraplaryň işjeň tagallalarynyň möhüm orny aýratyn bellenildi. Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklar soňky ýyllarda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalarynyň netijesinde strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.
Beýleki habarlar