Gün tertibinde — Hazar deňziniň meseleleri

1 Awgust 2023
513

Golaýda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň işine Ministrler Kabinetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda pudagara toparyň şu ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýakyn geljek üçin anyk wezipeler kesgitlenildi. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň mundan beýläk-de özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda Hazar deňzi boýunça ykdysadyýet, ekologiýa, howpsuzlyk, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi ugrunda tagallalary durmuşa geçirjekdigini nygtadylar. Şunda howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek meselelerine aýratyn üns berler. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ekologiýa diplomatiýasyny üstünlikli amala aşyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar